Hyzmat We Gulluk Dilemek (#11954)

Ýa Ylahy, Ýa Magbut, Ýa Kerim, Ýa Rahym!
    Seniň Atlaryň birjesiniň gaşynda baş egip, boýun burýan, bütin dünýä şalarynyň soltany Sen.
    Eý Kerim! Keremiň bu dünýäni gurşap alypdyr hem Rähmetiň bar zatdan ozdurypdyr. Agla Galamyň we ol Beýik Kelamyň hatyrasy üçin, bu bendäňi Öz Eýýamyňa laýyk ynsan bolar ýaly ýardam eýle. Bir garyp adam, uly watana gitmegi ýüregine düwüpdir. Bir sawçy bir uzak ýol sökmegi niýet edinipdir. Seniň gullugyňda durup biler ýaly hem Seniň buýruklaryňy we hökümleriňi ýaýradyp biler ýaly sen oňa medet ber.
    Eý Kerim! Bu garyby Öz gurply bähriňden mahrum eýleme, bu misgine Öz Rähmetli saýaňda ýer ber. Belki ylhamyň ysyndan onuň ruhy täzelenip Ebedi dirilige gowuşsyn. Sensiň Kadyr we Başarjaň, Sensiň Alym we Dana. Senden başga belent mertebe we ägirt uly bolan Alla ýokdur.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Hyzmat We Gulluk Dilemek (#11956)

Hu’äl-Äbha
    Eý jandan geçen binyşan ýar! Müňlerçe akyldar Onuň gözleginde, ýöne olar mahrum hem Onuň rugsaryndan uzakdadyrlar. Sen bolsa hem tapdyň hem tanadyň. Sen hyzmat oýnunda utulyp, öz işiňi bitirdiň. Sen ýeňiş we ýagşylyk baýdagyny göterdiň. Bu bir ajap hekaýat, görülmedik buşluk bu! Agtaranlar tapmady-da, oturanlar tapdylar. Ystahfyr’Alla gözleýişleri teşneleriň däl-de salgym görenleriň gözlegimiş, dilegleri aşyklaryň däl-de, akyllylar dilegimiş.
   Hoşa çöplän akyllylar gapyldyr Leýli syryndan.
   Bu keramatlar diňe harman otlan Mejnunyňdyr. 
   Oturan aşyk hereketli akyllydan oňatdyr. 
   Wel-Baha’u-eleýk.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Hyzmat We Gulluk Dilemek (#11955)

Hu’äl-Äbha.
    Barhudaýa! Sen bize şeýle bir jomartlyk etdiň, Sen bize şeýle bir Merhemet paýladyň. Ýürekleriň birleşmegine höküm berdiň hem her ynsana özüne mahsus bolan gatnaşyk. Jisimlere jan duýgusyny we jesetlere ruh aňyny bagyş etdiň. Bu toprak zerrelerine, Rahmany güneşiň ýalkymy bilen görnük we barlyk berdiň, bu pany damjalara Birlik deňziniň tolkunlaryndan hyjuw we tupan merhemet etdiň.
        Eý samana dagyň berkligini berip bilýän we Eý topragy äpet uly güneşiň jilwegähi edip bilýän! Seniň Emriň gullugynda aýaga galyp, illeriň ýanynda şermende bolmaz ýaly, bize bir merhemet eýle.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

